Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň resmi adamlary, şeýle hem BAE-niň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili ugratdylar.
Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Munuň şeýle bolmagyna türkmen-emirlik hyzmatdaşlygyna mahsus ynanyşykly, özara hormat goýmaga esaslanýan ýokary derejedäki dialog ýardam berýär.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda ýene-de bir möhüm sahypany açar.
Birnäçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurdyň arasynda energetika, ulag we kommunikasiýa, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämi gurluşyk, ýokary tehnologiýaly ýaly ugurlarda, şeýle hem möhum taslamalary durmuşa geçirmekde BAE-niň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary bu hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine goşmaça itergi berdi.
Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgamy hem iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dowam edýär.