Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

view-icon 3031

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Türkmenistan 2023-nji ýyly parahatçylykda, asudalykda hem-de ertirki güne ynam bilen garşy aldy. “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçen ýyl ýurduň agzybirliginiň we jebisliginiň, türkmen halkynyň döwletliligi pugtalandyrmakda, Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrmakda, 2023-nji ýylda öňde goýlan wezipeleri çözmekde mundan beýläk-de öňe gitmäge taýýardygynyň subutnamasy boldy. Şunda Size we halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyna — Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýolbaşçy bolup alyp barýan işleriňize, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de pugtalandyrmak boýunça edýän tagallalaryňyza uly orun degişlidir.

Maňa, işime we hünär üstünliklerime berýän hemişelik ünsüňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Bu ünsüňizi mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmek üçin ylham beriji güýç hökmünde kabul edýärin. Siziň bilen şu ýylda duşuşmaga umyt edýärin we mähriban Watanyma — Türkmenistana ýene-de bir gezek barmaga şatdyryn.

Goý, 2023-nji ýyl Size, Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, rowaçlyk, ildeşlerim türkmenistanlylara bolsa parahatçylyk we täze üstünlikleri getirsin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Oleg Kononenko,

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, instruktor, synagçy-kosmonawt, “Roskosmos” korporasiýasynyň

kosmonawtlar toparynyň serkerdesi.