Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

view-icon 3421

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size möhüm döwlet ähmiýetli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiziň Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki matam çäresine gatnaşmak üçin geçen ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa amala aşyran saparyňyz mahalynda çuň manyly pikir alşandygymyza örän şatdyryn.

Täze wezipäňizde Siziň mundan beýläk-de goldawyňyza umyt edýärin. Men parlamentara alyşmalary ösdürmek ýoly arkaly iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça tagallalarymy dowam etdirerin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, mundan beýläk-de üstünlik we bagt arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Endo Toşiaki,

Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy.