Ï Daşary ýurtlaryň wezipä täze bellenen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtlaryň wezipä täze bellenen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi

view-icon 3068

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa birnäçe döwletleriň wezipä täze bellenen ilçilerinden — Şwesiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Danestaddan, Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andre Karstensden, Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Doržiýn Baýarhuudan ynanç hatlaryny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy daşary ýurtly diplomatlaryň her birini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, olara ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklary, döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Öz nobatynda, dostlukly ýurtlaryň doly ygtyýarly wekilleri öz döwletleriniň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Duşuşyklaryň barşynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ilçilere Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelere aýratyn üns berildi.

Diplomatlar türkmen parlamentiniň düzümi we işi, dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmak boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar öz ýurtlarynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen giň ugurlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermäge taýýardyklaryna ynandyrdylar.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Şwesiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga we özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklary saklamak maksady bilen, biz jenap Tomas Danestadi Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik. Ilçiniň ýokary şahsy häsiýetleri we tutanýerliligi, öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirende, Siziň makullamagyňyza we hormatyňyza mynasyp boljakdygyna bizde ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, onuň biziň adymyzdan Siziň Alyhezretiňize aýtjak ähli sözlerine, aýratyn-da, Size dostluk we ýokary hormat goýýandygymyz baradaky ynandyrmalarymyzy beýan edende, oňa ynanmagyňyzy haýyş edýäris.

Hormatlamak bilen,

Karl Gustaw,

Şwesiýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Andre Ýakobus Hermanus Karstensi Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Karstensiň ýokary şahsy häsiýetleri meniň ynamyma hem-de Siziň makullamagyňyza mynasyp boljakdygyna ynanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetlilik bilen kabul etmegiňizi hem-de Size meniň adymdan aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, Size belent hormat goýýandygym we dostlugym baradaky ynandyrmalarymy beýan edende, oňa ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Willem-Aleksandr,

Niderlandlaryň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!

Jenap Doržiýn Baýarhuuny Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belleýändigim barada uly hormat bilen habar berýärin. Onuň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak işine saldamly goşandyny goşjakdygyna we bu ugurda ähli tagallalary etjekdigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden jenap Doržiýn Baýarhuuny hoşniýetlilik bilen kabul etmegiňizi hem-de Mongoliýanyň Hökümetiniň adyndan Size aýtjak sözleriniň ählisine ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Uhnaagiýn Hurelsuh,

Mongoliýanyň Prezidenti.