Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ýurduň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, weýrançylyklara getiren gar süýşgünleri zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.