Ï Ýokary derejedäki türkmen-bahreýn gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary derejedäki türkmen-bahreýn gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

view-icon 3324

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Resminamalaryň sanawy:

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda Howa gatnawy hakynda Ylalaşyk;

- Miras bilen baglanyşykly senetçilik we däp-dessurlar babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Muhammed bin Mubarak Al Halifa adyndaky Diplomatik bilimleri akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda deňiz ulaglary babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda demirýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda umumy, tehniki we ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Bahreýn Patyşalygynyň Medeniýet we gadymyýet müdirliginiň arasynda 2023-2027-nji ýyllar aralygynda medeniýet babatda hyzmatdaşlygy ýerine ýetirmegiň Maksatnamasy;

- Ählumumy Deňiz-Howa Logistikanyň hyzmatdaşy baradaky Şahadatnamasy; 

- Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Bahreýniň Ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi.