Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

view-icon 3462

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň adyndan şanly sene — Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Türkmenistan Merkezi Aziýada Belarusuň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Gadymy taryhy kökler, ýurtlarymyzyň halklarynyň wagtyň synagyndan geçen hakyky dostlugy hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylygy döwletara gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär.

Belarus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giň gerimli ugurlar boýunça, uzak möhletleýin esasda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdiriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk we üstünlikleri arzuw edýärin hem-de Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Natalýa KOÇANOWA,

Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň
Respublika Geňeşiniň Başlygy.