Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haýro Dawid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallygyny bildirip, Gwatemala Respublikasynyň Prezidenti Alehandro Jiammatteiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň çäklerinde diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan giň halkara hyzmatdaşlyk şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginini saklap gelýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Merkezi Amerikanyň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.
Gwatemalanyň ilçisi ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş ugurly ägirt uly özgertmeler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli ulgamlarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki milli we halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Geljegi uly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gwatemalanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň, abraýly düzümleriň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlyk iki döwletiň ykdysady ösüşine, olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi. Munuň özi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.
Haýro Dawid Estrada Barrios türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, ilçi hökmünde umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Gadyrly we hormatly dostum!
Gwatemala Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, jenap Haýro Dawid Estrada Barriosy Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belländigimi Siziň Alyhezretiňize habar bermek hormatyna eýedirin. Jenap Estrada Barriosyň ýokary şahsy häsiýetleri we ukyplary öz üstüne ýüklenen wezipäni ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine we Siziň Alyhezretiňiziň ynamyny gazanjakdygyna ynanmaga mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetlilik bilen kabul etmegiňizi hem-de Gwatemala Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk we Türkmenistanyň dostlukly halkyna abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirende oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Iň gowy arzuwlar bilen,
Alehandro JIAMMATTEI,
Gwatemala Respublikasynyň Prezidenti.