Ï Berdisähet Gurbansähedowyň zehininiň köptaraplylygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berdisähet Gurbansähedowyň zehininiň köptaraplylygy

view-icon 5122
Berdisähet Gurbansähedowyň zehininiň köptaraplylygy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Suratkeş Berdisähet Gurbansähedowyň 65 ýaşy mynasybetli paýtagtymyzyň Sergi merkezinde onuň 80-e golaý işini özünde jemleýän şahsy sergisi açyldy.

Bu – suratkeşiň üçünji şahsy sergisi. Birinji sergisi tomaşaçylary deňiz tolkunlarynyň üstünde aýlaw edýän durnalar, gaýalara urulýan tolkunlaryň ýeňiljek şemaly bilen geň galdyrypdy. Şonda onuň hakynda «Ilkinji türkmen deňizçi suratkeşi» diýilipdi.

Eýsem-de bolsa, ikinji şahsy sergisinde goýan suratlarynda Berdisähet Gurbansähedow sährany görkezdi, özi-de bütin ömrüni sährada ýaşan ýaly janly görkezdi. Onda sähranyň jandarlary: zemzenler, towşanlar, ýylanlar we ähli gözelligi bilen sähranyň özi bardy. Berdisähet haýwanlary we olaryň endiklerini jikme-jik takyk beýan etmek bilen, özüni tebigatçy hökmünde görkezdi.

Häzirki sergisinde bolsa Berdisähet Gurbansähedow zehininiň köp taraplylygy bilen çykyş etdi. Ol öz işlerinde baý türkmen tebigatyny, gadymy taryhyny we medeniýetini wasp edýär.

Onuň suratlarynyň üçüsi Beýik Ýüpek ýoly temasyna bagyşlanýar. «Ýüküň intizarynda» atly ilkinji suratda gadymy Hazaryň kenarynda del harytlara garaşyp, intizarlyk çekýän adamlar we düýeler şekillendirilýär. Emma suratdaky ýakynlaşýan gäminiň şaýatlyk etmegine görä, indi köp garaşmaly bolmazlar.

«Torç edilen ýoda bilen» atly ikinji suratda Garagumyň altynsow alaňlarynyň arasynda, ýakyp-ýandyryp barýan günüň astynda itleriň hemralyk etmeginde ýükli düýe hatary assa-assa ýöräp barýar.

«Teke bazary» diýlip atlandyrylýan üçünji suratda, suratkeşiň 1907-nji ýylda düşürilen Aşgabadyň suratyndan alan Teke bazarynyň taryhy görnüşi şekillendirilipdir.

Bu üç suratda suratkeş halkara söwda baş goşan ata-babalarymyzyň howp-hatarly durmuşynyň esasy döwürlerini başyndan geçiripdir.

Aýratyn ünsi özüne çekýän suratlardan biri-de «Süri» diýlip atlandyrylýar. Onda padyman oglan sygyr sürüsiniň yzy bilen derýadan ýöräp geçýär. Ýene, bu ýerde-de bolup geçýän wakalaryň ähtibarly hakykylygy göze ilýär, bu bolsa tomaşaçyny surata maýyl edýän zatdyr. Bularyň ählisiniň bir sebäbi bar – suratkeş gaty belet zadyny surata geçirýär. Çagalyk ýatlamalaryna görä, ol tomsy obada geçirmek bilen, oba zähmetine işjeň gatnaşypdyr. Bu ýordum, ine, şundan gelip çykýar.

Sergide suratkeşiň köp täsir galdyryjy eserleri bar. Olar «Dag ýaşaýjylary» üçlügi, «Durnalar», «Üç dost», «Arslan», «Leglekler», «Nusaý», «Awaza» we başgalardyr.