Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary wagtynda Aşgabatda mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goldawyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Gazanylan ylalaşyklaryň rus-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.
2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Tatarystan Respublikasynda geçiriljek “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumynda ýokary derejeli türkmen wekiliýetini görmäge şat bolardym.
Pursatdan peýdalanyp, Size döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany,
“Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň başlygy.