Ï Türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär

view-icon 3937

2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Howdan-Bajgyran» gözegçilik-geçiriş ýerinde, iki ýurduň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy we gepleşikler geçirildi. Duşuşykda türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň möhüm meselelerine we ileri tutulýan ugurlaryna seredildi. Bu barada ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Iş duşuşygy, günüň birinji ýarymynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Bajgyran» gümrük nokadynda geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda ozal baglaşylan ikitaraplaýyn resminamalaryň ýerine ýetirilişine syn berildi, özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek, gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almak, Howdan-Bajgyran bilelikdäki serhet bazarynyň işi ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Eýrana saparyň dowamynda wekiliýetiň agzalary bu ýerde gümrük nokadynyň döredilişi barada taryhy maglumatlar bilen tanyşdylar hem-de şol ýerde 1906-njy ýylda gurlup, häzirki wagtda Eýranyň taryhy ýadygärligi hökmünde saklanyp gelýän gümrük-gözegçilik nokadynyň taryhy binasyna baryp gördüler.

Günüň ikinji ýarymynda iş duşuşygy türkmen tarapynda «Howdan» gümrük nokadynda dowam etdi. Myhmanlara Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Türkmenistanyň gümrük edaralarynda döredilýän häzirki zaman döwrebap iş şertleri, gümrük gözegçiliginiň guralyşy, resmileşdiriş işleriniň alnyp barlyşy we olarda sanly ulgamyň ulanylyşy, gümrük işiniň kämilleşdirilişi we döwrebaplaşdyrylyşy, gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almak boýunça bilelikdäki çäreleriň işjeňleşdirilmegi gümrük edaralarynda sanly ulgamyň we innowasion tehnologiýalaryň ulanylyşy bilen tanyşdyrýan wideo ýazgylar görkezildi.

Soňra, gümrük nokadynyň dolandyryş binasynda wekiliýetleriň arasynda gepleşikler dowam etdirildi. gepleşikleriň barşynda, türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň mümkinçiliklerini doly kuwwatynda peýdalanylmagy, iki ýurduň arasyndaky özara söwda boýunça daşalýan harytlaryň bahalary barada döwürleýin maglumatyň alyşylmagynyň ýola goýulmagy, awtoulaglarda daşalýan harytlar üçin TIR kitapçasyny sanly ulgam arkaly ulanmaga girişilmegini işjeňleşdirilmegi, Eýran Yslam Respublikasyndan Türkmenistanyň çägine getirilýän we bu çäkden üstaşyr geçirilýän harytlar babatynda gümrük gözegçiligi üçin zerur bolan resminamalaryň talaba laýyk doldurylmagyny we maglumatlaryň doly görkezilmeginiň üpjün edilmegi, hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki ähmiýetli ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygy jemläp, taraplar gümrük hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmeginiň türkmen-eýran söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze mazmun berer, iki döwletiň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini has hem ýokarlandyrar diýip ynam bildirdiler.

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsuly hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparynyň iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine itergi berendigini bellemek isleýäris. Şol saparyň netijeleri boýunça, Howdan-Bajgyran gümrük nokatlaryndady iş duşuşygy eýýäm ikinji bilelikdäki duşuşykdyr.