Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 4425

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň başynda doganlyk türk halkyna 6-njy fewralda ýurduň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýynyň jennet bolmagyny, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Öňden gelýän asylly ýörelgelere eýerilip, Türkmenistanyň Hökümetiniň we türkmen halkynyň adyndan doganlyk türk halky, şol sanda güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken çagalar üçin ynsanperwerlik ýüki iberildi. Nesilden-nesle geçip gelýän şeýle asylly ýörelgeler häzirki wagtda mynasyp derejede dowam etdirilýär diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.

Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkiýäniň halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan duýgudaşlyk sözleri hem-de goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, agyr günlerde duýgudaşlyk bildirmegiň, doganlyk goluny uzatmagyň türk halkynyň ruhuny ýokary götermekde örän möhümdigini nygtady.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda barha ösdürilýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, syýasy ulgamda strategik hyzmatdaşlygyň durnukly häsiýetini aýratyn nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, halkara giňişlikde, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde hem hyzmatdaşlygyň uly tejribesiniň toplanandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden 19 sany Kararnamasynyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi üçin Türkiýe Respublikasyna minnetdarlyk bildirdi hem-de biziň ýurdumyzyň, ilkinji nobatda, Türkiýe tarapyndan parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen teklipleri goldaýandygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Arkadagymyz sebit hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz telefon söhbetdeşliginiň barşynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalarynyň bolup geçendigini habar berdi. Türkmenistanlylaryň erk-islegine laýyklykda, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi, milli parlament bolsa bir palataly Türkmenistanyň Mejlisine öwrüldi. Şunda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Geçen ýylyň 17-18-nji noýabrynda Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysynyň ýurdumyza amala aşyran saparynyň ägirt uly ähmiýeti barada aýdyp, Milli Liderimiz türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmekde onuň ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Türkmenistan bu gurama synçy derejesinde goşulmak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmasyny tassyklady. Şonuň bilen birlikde, biziň ýurdumyz Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär we bu gatnaşyklary geljekde-de dowam etdirer.

Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, 26-njy martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň nobatdaky saýlawlarynyň geçiriljekdigini habar berip, milli parlamentiň täze düzüminiň halkara gatnaşyklary, şol sanda Türkiýe Respublikasynyň parlamentarileri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň ýolbaşçysy sebit we ählumumy meselelerinde netijeli kadalaşdyryjy gural bolup çykyş edýän parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuna ünsi çekdi we pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilen parlamentara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Arkadagymyz 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe” görnüşinde geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň taryhy ähmiýetini belledi. Onuň dowamynda üç doganlyk ýurduň arasynda energetika, ulag-kommunikasiýa, ykdysadyýet, söwda hem-de beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça resminamalara gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki döwletiň arasynda işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar barada aýtmak bilen, häzirki wagtda Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda netijeli işleýändiklerini belledi. Haryt dolanyşygynyň möçberi ýyl-ýyldan artýar. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Halk Maslahatynyň Başlygy şular barada aýtmak bilen, ykdysadyýetiň energetika, ulag we kommunikasiýalar, maýa goýumlar, söwda, oba hojalygy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagaty ýaly pudaklarynda we beýleki ugurlarda anyk taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň ýolbaşçysy Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara işewür toparlarynyň biziň ýurdumyza barha artýan gyzyklanmalaryny şertlendirýändigini belläp, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirilen iri taslamalara gatnaşmagyň türk işewürleri üçin uly hormatdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň öňünde durýan wezipeleriň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň bu toparyň nobatdaky 7-nji mejlisini, şeýle-de Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge taýýardygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmegiň möhüm bölegi hökmünde belledi. Ruhy-medeni mirasymyzyň we ahlak gymmatlyklarymyzyň umumylygy hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär diýip, Milli Liderimiz özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň asylly däbe öwrülendigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň ýolbaşçysy iki halkyň dininiň, diliniň, taryhy kökleriniň birdigini we munuň “Bir millet — iki döwlet” diýen ýörelgede öz beýanyny tapandygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň çäklerindäki iki döwletiň hyzmatdaşlygy barada aýdyp, 2024-nji ýylyň bu gurama agza ýurtlarda “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly”, gadymy Änew şäheriniň bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegini goldandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň TÜRKSOÝ halkara guramasyna agza ýurtlar bilen bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge meýillidigini belledi. Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada-da durlup geçildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopa berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.