Ï Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

view-icon 5535

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, buýrujylar bolan degişli edaralara, kärhanalara we guramalara Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada baglaşylan şertnamalar esasynda gurulýan binalary we desgalary ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti, degişli edaralar, kärhanalar hem-de Ahal welaýatynyň häkimligi Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde degişli binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.