Ï Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny 2023-2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny 2023-2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi

view-icon 6153

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny 2023 — 2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi.

Ahal welaýatynyň häkimligine, Gurluşyk we binagärlik ministrligine Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň baş meýilnamasyny bir aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde degişli binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleri boýunça bäsleşigi geçirmäge borçly edildi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine, degişli edaralara, kärhanalara hem-de Ahal welaýatynyň häkimligine Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ikinji tapgyrda gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçiligi üpjün etmäge borçly edildi.