Ï Türkmenistanyň Kanuny Arkadag şäheri hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Arkadag şäheri hakynda

view-icon 27445

Şu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy

Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki zaman meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýetine laýyklykda bellenilýär.
Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär.
Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.


2-nji madda. Arkadag şäheriniň çägi
Arkadag şäheriniň çägi Türkmenistanyň çäginiň aýrylmaz bölegini düzýär.
Arkadag şäheriniň çäk bölünişigi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Arkadag şäheriniň çäk birlikleri olaryň taryhy, geografiki we şähergurluşyk aýratynlyklaryny, ilatynyň sanyny, durmuş-ykdysady we beýleki häsiýetlerini hasaba almak bilen döredilýän etraplar bolup durýar.
Arkadag şäherinde etraplary döretmek, üýtgedip gurmak we ýatyrmak, olara at dakmak, olaryň çäklerini bellemek we üýtgetmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.


3-nji madda. Arkadag şäheriniň ilaty
Arkadag şäheriniň ilatyny ýaşaýan möhletine, doglan ýerine we milletine garamazdan, Arkadag şäheri ýaşaýan ýeri bolan Türkmenistanyň raýatlary, şonuň ýaly-da Arkadag şäheriniň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar düzýär.


4-nji madda. Arkadag şäheriniň eýeçiligi
Arkadag şäheriniň eýeçiliginde şäher býujetiniň serişdeleri, şäher kärhanalarynyň we edaralarynyň emlägi, şeýle hem kanuna laýyklykda beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň eýeçiliginde bolmadyk gaýry obýektler durýar.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň eýeçiliginde Arkadag şäheriniň çäginden daşarda ýerleşýän emläk durup biler.
Arkadag şäheriniň adyndan zadyň eýesiniň ygtyýarlyklaryny Arkadag şäheriniň döwlet häkimiýet edaralary ol edaralaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen özleriniň ygtyýarlygynyň çäklerinde amala aşyrýarlar.

II BAP. DÖWLET HÄKIMIÝET EDARALARY

5-nji madda. Arkadag şäheriniň döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna laýyklykda, Arkadag şäherinde we onuň etraplarynda Arkadag şäheriniň halk maslahaty we onuň etraplarynyň halk maslahatlary döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolup durýarlar.
Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň tertibi Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilýär.
6-njy madda. Arkadag şäheriniň
ýerine ýetiriji häkimiýeti
Arkadag şäheriniň çäginde ýerine ýetiriji häkimiýet şäheriň häkimi we etraplaryň häkimleri tarapyndan amala aşyrylýar.
Arkadag şäheriniň häkimi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.
Arkadag şäheriniň häkimi Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berýär.
Arkadag şäheriniň etraplarynyň häkimleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Arkadag şäheriniň häkiminiň teklibi boýunça bellenilýär.
Arkadag şäheriniň etraplarynyň häkimleri Arkadag şäheriniň häkimine hasabat berýärler.

7-nji madda. Arkadag şäheriniň häkiminiň ygtyýarlyklary Şäheriň häkimi:
1) öz çägine degişli etraplaryň häkimleriniň öz wezipelerini we ygtyýarlyklaryny berjaý etmek boýunça alyp barýan işlerine ýolbaşçylyk we gözegçilik edýär, olaryň iş tejribelerini umumylaşdyrýar, iş usullaryny we görnüşlerini kämilleşdirmek üçin çäreleri görýär;
2) degişli çägi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna girizýär, olaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşýar, olaryň ýerine ýetirilmegini guraýar;
3) şäheriň býujetiniň taslamasyny we býujetiň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty taýýarlaýar we olary tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna girizýär;
4) degişli çäkde senagat, oba hojalyk desgalaryny, önümçilik hem-de durmuş infrastrukturasynyň beýleki desgalaryny ýerleşdirmek, gurmak, durkuny täzelemek we ýöriteleşdirmek baradaky meselelere seretmäge ministrlikler, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary bilen bilelikde gatnaşýar;
5) degişli çäkde ýerden, ýerasty baýlyklardan, suwdan, tokaýlardan, atmosfera howasyndan, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsinden, beýleki tebigy baýlyklardan oýlanyşykly peýdalanmak, olary goramak boýunça çäreleri görýär we bu ugurda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gözegçiligi amala aşyrýar;
6) degişli çäkde ýerleşýän, şäheriň garamagynda duran obýektleri dolandyrýar;
7) degişli çäkde ilaty durmuş taýdan goramak, maýyplygy bolan adamlaryň, köp çagaly, pes üpjünçilikli maşgalalaryň ýaşaýyş we durmuş şertlerini, mekdebe çenli çagalar, umumybilim edaralarynyň, internatlaryň, sagaldyş, dikeldiş we şypahana-dynç alyş edaralarynyň maddy taýdan üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;
8) ministrlikler we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary bilen bilelikde bilim, saglygy goraýyş, medeni we sport, durmuş üpjünçilik edaralaryny dolandyrmagy amala aşyrýar we olaryň maddy-tehniki binýadyny gowulandyrmak boýunça çäreleri görýär;
9) degişli çäkde sanitariýa-epidemiologik, karantin we gigiýeniki çäreleriň geçirilmegini guraýar hem-de olara gözegçilik edýär; ekologik ýagdaý barada ilaty habarly edýär; tebigy betbagtçylyk, epidemiýa, epizootiýa we heläkçilik (awariýa) bolan ýagdaýynda olaryň ýetiren zyýanlaryny ýok etmek hem-de ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görýär; kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň daşky gurşawa howp salýan we tebigatdan peýdalanmak baradaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna getirýän işini togtadýar;
10) ýaşaýyş jaý gaznasyny ulanmagyň Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertibiniň berjaý edilmegini, jemagat we ýol hojalygynyň obýektleriniň, söwda, jemgyýetçilik iýmiti hem-de durmuş hyzmaty kärhanalarynyň, elektrik, gaz, suw we beýleki ulgamlaryň hem-de desgalarynyň, aragatnaşyk we gatnaw serişdeleriniň durnukly işlemegini üpjün edýär, ilatyň tebigy gaz, suw we elektrik energiýasy bilen üpjün bolmagy üçin çäreleri görýär;
11) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde harby çygyrdaky kanunçylygyň ýerine ýetirilmegini guraýar hem-de oňa gözegçilik edýär, degişli çäkde raýat goranyşyna ýolbaşçylyk edýär;
12) degişli çäkde raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, jemgyýetçilik tertibini we kanunylygy berkitmek boýunça döwlet edaralarynyň, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň bilelikdäki hereketini we ylalaşykly işini üpjün etmek üçin çäreleri görýär;
13) hukuk tertibiniň bozulmalarynyň öňüni almak, şol bozulmalara getirýän sebäpleri we şertleri ýok etmek boýunça çäreler barada degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny yzygiderli diňleýär. Hukuk goraýjy we beýleki edaralar bilen bilelikde hukuk düzgünleriniň bozulmalarynyň öňüni almagyň ýagdaýyny seljermek işini guraýar we degişli çäkde jenaýatçylygyň öňüni almak barada çäreleri görýär;
14) häkimligiň işini guraýar we oňa gözegçilik edýär, häkimligiň hünärmenlerini hem-de beýleki işgärlerini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar, olaryň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlanylmagyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar;
15) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ygtyýarlyklaryň çäginde gaýry meseleleri çözýär.

8-nji madda. Arkadag şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli pudaklaýyn müdirliklerini, gulluklaryny, edaralaryny we guramalaryny döretmegiň tertibi
Arkadag şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli pudaklaýyn müdirlikleri, gulluklary, edaralary we guramalary degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň göni tabynlygynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Arkadag şäheriniň häkimi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýär.

9-njy madda. Arkadag şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemegiň tertibi
Döwlet ähmiýetli şäher hökmünde Arkadag şäheriniň aýratyn hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Arkadag şäherinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Arkadag şäheriniň häkimi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň merkezi pudaklaýyn edarasynyň (ministrlikler, pudaklaýyn edaralar) ýolbaşçysy tarapyndan amala aşyrylýar.

III BAP. KAZYÝET HÄKIMIÝETI WE HUKUK GORAÝJY EDARALAR

10-njy madda. Kazyýet häkimiýeti

Arkadag şäherinde adyl kazyýetlilik diňe kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.
Arkadag şäheriniň kazyýet ulgamy Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň bir bölegi bolup durýar we Arkadag şäheriniň kazyýetini, Arkadag şäheriniň etrap kazyýetlerini öz içine alýar.

11-nji madda. Hukuk goraýjy edaralar
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň janynyň, saglygynyň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragy, jenaýatlaryň edilmegine garşy hereket etmek, jemgyýetçilik tertibini, eýeçiligi goramak, kanunylygy berjaý etmek, milli howpsuzlygy üpjün etmek içeri işler, prokuratura, milli howpsuzlyk we gaýry hukuk goraýjy edaralar tarapyndan amala aşyrylýar, olaryň işini guramagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

12-nji madda. Arkadag şäheriniň maliýe we maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi

Arkadag şäheriniň maliýe we maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.


13-nji madda. Şu Kanunyň herekete girizilmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 23-nji marty.