Ï Türkmenistan Almata prosessiniň ýokary wezipeli wekilleriniň nobatdaky maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Almata prosessiniň ýokary wezipeli wekilleriniň nobatdaky maslahatyna gatnaşdy

view-icon 4808
Türkmenistan Almata prosessiniň ýokary wezipeli wekilleriniň nobatdaky maslahatyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Almata prosessiniň ýokary wezipeli wekilleriniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada ýurdumyzyň migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Maslahatyň dowamynda Almaty prosessiniň 2023-2024-nji ýyllar döwri üçin iş meýilnamasynyň mazmuny, ileri tutýan wezipeleri we maksatlary bilen bagly halkara tejribe bilen tanyşyldy hem-de guramaçylyk meselelerine seredildi.

Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar halkara guramalarynyň çäklerindäki özara ynanyşmagyň ýoluna esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine uly ynam bildirdiler.