Ï Türkmenistanyň Prezidenti Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyny gutlady

view-icon 4081

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy hökmünde bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz hatynda belledi we bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we asylly başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.