Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Gadyrly doganym!
Mähriban käbäňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim.
Mähriban käbäňiz baradaky mähirli ýatlamalar Size medet berer diýip umyt edýärin.
Mübärek Remezan aýyndaky şu agyr ýitgi zerarly ýürekden gynanjymy beýan edýärin. Merhuma Allatagaladan rehmet, maşgalaňyza, ýakynlaryňyza sabyr-takat hem-de ruhy durnuklylyk dileýärin.
Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habar meni çuňňur gynandyrdy.
Şu agyr ýitgi zerarly Siziň gynanjyňyzy paýlaşýaryn, Size we Siziň maşgala agzalaryňyza sabyr-takat dileýärin.
Alla rehmet etsin!
Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Siziň käbäňiziň aradan çykandygy baradaky habary gynanç bilen kabul etdik.
Siziň Alyhezretiňize ýürekden gynanjymyzy beýan etmek bilen, Beýik Allatagaladan merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny, Size we Siziň maşgalaňyza sabyr-kanagat dileýärin.
Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Mähriban käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymy kabul ediň!
Siz we Siziň maşgalaňyz üçin bu gussaly günlerde biz Siziň gynanjyňyzy paýlaşýarys.
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size güýç-gaýrat dileýäris! Goý, Siziň käbäňiz baradaky nurana ýatlamalar hemmeleriň kalbynda müdimilik galsyn!
Hormatlamak bilen,
Sergeý LEBEDEW,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdik.
Öwezini dolup bolmajak ýitgi zerarly şu hasratly pursatlarda biziň pikirlerimiz hem-de dileglerimiz Siziň bilendir. Goý, Siziň käbäňiz baradaky nurana ýatlamalar Size hem-de türkmen halkyna sabyr-kanagat, gujur-gaýrat bersin!
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň ýakynlaryňyza we garyndaşlaryňyza çuňňur gynanjymy, Türkmenistanyň halkyna bolsa duýgudaşlyk sözlerimi beýan edýärin!
Gynanç bilen,
Kubanyçbek OMURALIÝEW,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.
Bizi kemala getiren, ähli gymmatlyklarymyzyň seresi, çäksiz hormata mynasyp bolan ýaşulularymyzyň aradan çykmagy uly ýitgidir.
Şu agyr pursatda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Ogulabat ejä Allatagaladan iman baýlygyny, Size, Siziň maşgalaňyza hem-de Türkmenistanyň halkyna baş saglygyny dileýärin.
Hormatlamak bilen,
Sultan RAÝEW,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç we duýgudaşlyk bilen kabul etdim.
Öwezini dolup bolmajak ýitginiň yzasyny Siziň bilen paýlaşýaryn. Şu agyr pursatda, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we Siziň maşgalaňyza gaýrat dileýärin! Çuňňur gynanç hem-de duýgudaşlyk baradaky sözlerimi kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Arkadag Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymy kabul ediň!
Siziň üçin we Türkmenistanyň halky üçin bu agyr ýitginiň gussasyny paýlaşýaryn.
Serdar Gurbangulyýewiçe we Siziň maşgalaňyza çuňňur gynanjymy hem-de medet beriji sözlerimi ýetirmegiňizi haýyş edýärin.
Wýaçeslaw WOLODIN,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdik.
Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň deputatlarynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Siziň ýakynlaryňyza çuňňur gynanjymy beýan edýärin.
Ogulabat Berdimuhamedowa maşgala däplerine ygrarlylygyň, mähirliligiň, rehimdarlygyň, milli gymmatlyklary gorap saklamagyň we ösdürmegiň esasynda ösüp gelýän nesli terbiýelemegiň ajaýyp nusgasydyr. Ogulabat ejäniň nurana keşbiniň Türkmenistanyň halkynyň hakydasynda ebedilik galjakdygyna berk ynanýaryn.
Maulen AŞIMBAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habar bizi örän gynandyrdy.
Bu agyr ýitgi zerarly Siziň gynanjyňyzy paýlaşmak bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan we hut öz adymdan Size, Siziň maşgala agzalaryňyza, ýakynlaryňyza sabyr-takat dileýärin we çuňňur gynanjymy beýan edýärin.
Alla rehmet etsin!
Sahiba GAFAROWA,
Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiziň käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habar biziň ýüreklerimizde çuňňur gynanç döretdi.
Ogulabat eje türkmen halkynyň hakydasynda hemişelik orun alar. Beýik Allatagaladan merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny dileýärin.
Şu agyr pursatda Size we Siziň maşgalaňyzyň ähli agzalaryna medet beriji sözlerimi beýan edýärin.
Siziň doganyňyz,
Faýsal bin Nasser bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy.