Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen gynanç hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen gynanç hatlar

view-icon 5112

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň mähriban eneňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdik. Siziň eneňiz baradaky ýagty ýatlamalar onuň ýakynlarynyň we ildeşleriniň kalbynda hemişelik galar.

Öwezini dolup bolmajak bu agyr ýitgi zerarly meniň çuňňur gynanjymy kabul ediň! Şu gussaly pursatda Size we Siziň ýakynlaryňyza sabyr-takat hem-de gaýrat dileýärin.

Waagn Haçaturýan,

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Siziň mähriban eneňiziň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim. Bir ýyl mundan ozal meniň ejem hem aradan çykdy we munuň nähili agyr yza berýändigini bilýärin.

Siziň eneňiz ömrüni mynasyp ýaşan zenanyň ajaýyp nusgasydyr. Onuň milli gymmatlyklaryň we ýörelgeleriň goralyp saklanmagyna goşan goşandynyň türkmen halkynyň geljekki nesillerini bu işi dowam etdirmäge ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn.

Bu agyr pursatda Siz, Siziň maşgalaňyz hem-de Türkmenistanyň halky barada oýlanýandygymy hem-de dileg edýändigimi ynandyrmak isleýärin. Siziň maşgalaňyzyň hem-de dostlaryňyzyň goldaw bermeginde rahatlyk tapmagyňyzy dileg edýärin. Goý, ýagty ýatlamalar Size kuwwat bersin!

Ishak Gersog,

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.