Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gynanç hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gynanç hatlar

view-icon 2955

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Size we Siziň ýakynlaryňyza çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Öwezini dolup bolmajak ýitginiň hasratyny paýlaşmak bilen, şu kyn pursatda Size sabyr-takat dileýärin.

Goý, merhumyň jaýy jennet bolsun!

Çuňňur gynanç bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň mähriban käbäňiziň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Goý, Beýik Allatagala merhumyň jaýyny jennetden etsin we onuň ýakynlaryna bu ýitginiň yzasyny ýeňip geçmäge gaýrat bersin!

Şu gussaly pursatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ähli işgärleri hem Siziň Alyhezretiňize çuňňur gynanjyny bildirýärler.

Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Husraw Noziri,

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.