Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gynanç hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gynanç hatlar

view-icon 2907

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mähriban käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymy kabul ediň! Siziň mähriban käbäňiz baradaky ýagty ýatlamalaryň ýakynlaryňyzyň kalbynda hemişelik galjakdygyna berk ynanýaryn.

Şu kyn we hasratly pursatda Size, Siziň ýakynlaryňyza hem-de türkmen halkyna sabyr-takat, gaýrat dileýärin.

Hormatlamak bilen,

Nikol PAŞINÝAN,

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.


* * *


Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň mähriban käbäňiziň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize, ýakynlaryňyza hem-de türkmen halkyna gynanjymy beýan edýärin.

Hormatly doganym, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gynanjymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!

Siziň maşgalaňyza sabyr-takat dileýärin. Goý, merhumyň jaýy jennet bolsun!

Alhaj Molla Mohammad Hasan AHUND,

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy.


* * *


Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mähriban käbäňiziň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

Şu kyn pursatda Siziň Alyhezretiňize hem-de maşgalaňyza çuňňur gynanjymy beýan etmek bilen, Size we ýakynlaryňyza sabyr-takat dileýärin.

Merhuma beýik Allatagaladan rehmet dileýärin.

Mustafa ŞENTOP,

Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy.


* * *


Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

Merhuma Allatagaladan iman baýlygyny, Size hem-de maşgalaňyza bolsa sabyr-takat dileýärin.

Goý, Allatagala käbäňiziň jaýyny jennet etsin!

Binali ÝYLDYRYM,

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy.