Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 2898

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly bildiren çuňňur gynanjy, aýdan medet beriji sözleri we ýagşy doga-dilegleri üçin goňşy döwletiň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini görkezýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti merhumyň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna, Türkmenistanyň halkyna duýgudaşlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi baradaky nurana ýatlamalaryň şu agyr pursatda güýç-kuwwat we teselli bermegini dileg etdi.

Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň umumy taryhy-medeni köklere, müňýyllyklara uzap gidýän däp-dessurlara daýanýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen dürli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagy bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki döwletiň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine netijeli işleri alyp barmaga taýýardygyny belledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, möhüm ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz mähriban käbesi Ogulabat ejäniň aradan çykmagy zerarly bildiren gynanjy we medet beriji sözleri üçin goňşy döwletiň Baştutanyna ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi ýetip gelýän Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar, iki ýurduň halklaryna abadançylyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.