Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gynanç hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gynanç hatlar

view-icon 3596

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

Size iň ýakyn we mähriban adamyň durmuş ýoly Watana, halka bolan söýginiň, parasatlylygyň hem-de belent adamkärçiligiň ajaýyp nusgasydyr. Öwezini dolup bolmajak ýitginiň hasratyny paýlaşmak bilen, Size we Siziň ýakynlaryňyza çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Şu agyr pursatda Size sabyr-takat, gaýrat dileýärin.

Rustam EMOMALI,

Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň 

Oli Majlisiniň Başlygy.


* * *


Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mähriban käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly Size we Siziň maşgalaňyza çuňňur gynanjymy beýan edýärin.

Ol diňe bir öz perzentlerini mynasyp terbiýeläp ýetişdiren ene bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň halkynyň belent hormatyna, söýgüsine hem mynasyp bolan ynsandyr. Size, Siziň maşgalaňyza, şeýle-de Türkmenistanyň halkyna ýene-de bir gezek çuňňur gynanjymy beýan edýärin. Goý, merhumyň jaýy jennet bolsun!

Kim JIN-PÝO,

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy.