Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!
Sizi we Siziň ýakynlaryňyzy hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny ähli musulman ymmaty üçin sahylygy, merhemetliligi alamatlandyrýan Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Oraza baýramy gadymdan bäri ýakyn goňşy bolan özbek we türkmen halklarynyň ruhy durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Biziň jemgyýetimizde ahlaklylygy we ylalaşygy berkarar etmekde onuň orny taýsyzdyr.
Türkmenistandaky ägirt uly özgerişler we gazanylýan üstünlikler Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Biziň aramyzda ýola goýlan özara hormat goýmak, ynanyşmak ruhundaky hakyky dostluga we dialoga uly baha berýändigimi kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Palestina Döwletiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Beýik Biribardan Türkmenistanyň halkyna we ähli halklara bereket, rowaçlyk hem-de abadançylyk dileg edýärin.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin.
Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.