Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim.
Ogulabat eje türkmen eneleriniň hem-de zenanlarynyň asylly häsiýetlerini özünde jemlän, Watanyna, halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna söýginiň nusgasy bolan beýik ene hökmünde kalbymyzda we hakydamyzda müdimilik saklanar.
Öwezini dolup bolmajak ýitgiňiziň yzasyny Siziň bilen paýlaşýarys hem-de Beýik Biribardan Size we Siziň ýakynlaryňyza sabyr-takat dileýäris.
Çuňňur gynanç bilen,
Tanzila NARBAÝEWA,
Özbegistan Respublikasynyň
Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy.