Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.
Size bagtyýarlyk, rowaçlyk, dostlukly türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, bolçulyk arzuw edýärin.
Haýsam bin Tarik,
Omanyň Soltany.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Abdulla II,
Iordaniýanyň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tatarystanlylaryň we meniň iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Bu baýram asyrlaryň dowamynda millionlarça musulmana durmuş ýolunda ruhy taýdan baýlaşmaga mizemez şamçyrag bolup gelýär.
Goý, Beýik Biribar mukaddes Oraza aýynda eden doga-dilegleriňizi kabul etsin we hemmelere şatlyk, ylham eçilsin!
Size, Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk arzuw edýärin.
Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bu baýram türki halklara we dünýäniň ähli halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, bagtyýarlyk getirsin!
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Sultan Raýew,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.