Ï Türkmenistanyň diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebinde Hindistanyň güni geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebinde Hindistanyň güni geçirildi

view-icon 2468
Türkmenistanyň diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebinde Hindistanyň güni geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Hindistana bagyşlanan medeni-bilim çäresi geçirildi.

Oňa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Diplomatiýanyň ýokary mekdebiniň mejlisler zalynda geçirilen duşuşygy institutyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowa açyp, oňa gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Netijeli türkmen-hindi hyzmatdaşlygy, onuň möhüm ugurlary, şol sanda ylym we bilim ulgamy hem-de geljekki yzygiderli ösüşi barada gürrüň edildi.

Çärede Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Pithambaran Nair çykyş etdi. Çäräniň guramaçylaryna çuňňur minnetdarlyk bildirip, diplomatik missiýanyň baştutany Hindistanyň daşary syýasaty parahatçylyk, hoşniýetlilik we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan dostlukly Türkmenistan bilen köptaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi.

Dostlugyň we birek-birege hormat goýmagyň nyşany hökmünde duşuşykda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy instituta dabaraly ýagdaýda kitaplary sowgat etdi. Dostlukly ýurda bagyşlanan edebiýat institutyň «Hindistanyň burçunyň» kitap gorunyň üstüni ýetirdi – ol bilesigeliji talyplar we institutyň myhmanlary üçin gözýetimi giňeltmekde gyzykly meýdança bolar.

«Hindistanyň burçunda» myhmanlara bu ýurduň dili, medeniýeti, milli baýramlary, däp-dessurlary, döwletiň häzirki zaman ösüşi barada gözýetimlerini giňeltmäge we täze bilim almaga mümkinçilik döredilýär. «Hindistanyň burçy» ses we wideo materiallary, şeýle hem beýleki zerur maglumat çeşmeleri bilen ünjün edilen. Bu ýerde hindi halk gurallary, surat albomlary bar, onda döredilen kitaphana dürli dillerdäki kitaplar, çeper eserler, döwürleýin neşirler we ş.m. maglumat çeşmeleri bar.

Institutda geçen ýylyň aprel aýynda açylan «Hindistanyň burçunyň» döredilmeginiň birinji ýyllygynyň bellemeginiň simwoliki ähmiýeti bar. «Hindistanyň burçy» Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde we gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy, ol bu wakanyň iki halkyň arasyndaky dostlugy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Medeni çäräniň dowamynda institutda «Ajaýyp Hindistan» ady bilen tanyşdyryş boldy, oňa gatnaşyjylar, esasan talyplar üçin tanyşdyrylyşy Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ikinji sekretary Kanişka Singh geçirdi.

Soňra döredijilik we sungat dilinde, hindi dilindäki aýdymlarda institutyň zehinli talyplary Hindistan barada bilimlerini görkezdiler.

Hindistanyň Güni mynasybetli institutyň zallarynyň birinde tematiki sergi açyldy. Şu güne bagyşlanyp beýleki aň-bilim we hatda aşhana çäreleri - wiktorina, milli tagamlar we gaýry çäreler geçirildi.

Diplomatiýa ýokary mekdebinde Hindistanyň Gününe bagyşlanyp taýýarlanan baý medeni çäreler gyzykly boldy, iki dostlukly ýurduň wekilleri dünýäniň gadymy baý taryhy we medeniýeti bolan iň owadan, ajaýyp we dürli röwüşli ýurtlarynyň biri bolan Hindistan temasyny has giňişleýin açyp görkezdiler.