Ï Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 5416
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Siril Ramafosa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Günorta Afrika Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.