Onuň Alyhezreti,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa bereket, rowaçlyk, abadançylyk dileg edýärin.
Tüýs ýürekden dostlugymy we hoşallygymy kabul ediň!
Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
Prezidentiň işleri boýunça ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan mübärek Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Beýik Allatagaladan ähli musulman ymmatyna abadançylyk, durnuklylyk, ösüş we raýdaşlyk dileýärin.
Ibrahim Boughali,
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Milli Halk Ýygnagynyň Başlygy.