Ï Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady

view-icon 4682

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä täç geýmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçiliklerini belläp, Türkmenistanyň iki halkyň bähbidine gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady we Onuň Alyjenaby Karl III-niň patyşalygy döwründe ýurtlarymyzyň arasyndaky uzak möhletleýin gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyjenaby Karl III-ä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Birleşen Patyşalygyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.