Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Liwan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Najib Mikatine we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Liwan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar, Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýär» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Najib Mikatine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Liwan Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.