Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti jenap
Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Söweş meýdanlarynda edermenlik görkezip, tylda janyny aýaman zähmet çekip, basybalyjylardan üstün çykan hem-de adamzady faşizm wehiminden halas edenler baradaky ýagty ýatlamalar hakydamyzda hemişelik ýaşar.
Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýowuz uruş ýyllarynda taplanan dost-doganlygyň, birek-birege goldaw bermegiň oňyn däpleri dostlukly gatnaşyklarymyzyň we çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Ýurduňyzda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna tüýs ýürekden gutlaglarymy, berk jan saglyk, ruhubelentlik we uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Hormatlamak bilen,
Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti jenap
Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Söweş meýdanlarynda we tylda batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligini, ruhubelentligini, watansöýüjiligini hem-de gahrymançylygyny sarpalaýarys.
Wagtyň synagyndan geçen täjik-türkmen dostluk gatnaşyklarynyň we köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň halklarymyzyň hem-de ýurtlarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, bu baýram gününde Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti jenap
Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi hem-de tutuş türkmen halkyny beýik Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu şanly günde söweş meýdanlaryndan dolanyp gelmedik, dünýäni faşizmden azat etmek üçin janlaryny gurban eden gahryman pederlerimizi sarpalaýarys. Olaryň edermenligi, borçlaryna wepalylygy we watansöýüjiligi biz üçin Watana bolan söýginiň, jebisligiň nusgasydyr.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti jenap
Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli gutlaýaryn. Bu baýram Ýer ýüzünde parahatçylygy goran sowet halkynyň gahrymançylygynyň hem-de taýsyz edermenliginiň nyşany hökmünde kalbymyzda orun aldy. Ýeňiş dünýä taryhynyň ugruny üýtgedip, millionlarça adamyň azatlyga we ynsan mertebesine bolan hukugyny gaýdyp berdi.
Faşizme garşy çykyp we janlaryny gurban edip, ondan üstün çykan hem-de örän agyr kynçylyklary, horluklary ýeňip geçen pederlerimiziň edermenligini hormatlamak mukaddes borjumyzdyr. Umumy taryhy mirasymyzyň, mizemez dostlugymyzyň, bilelikdäki Beýik Ýeňşe buýsanjymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup galjakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti jenap
Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi hem-de dostlukly Türkmenistanyň ähli raýatlaryny Beýik Ýeňiş güni bilen gutlaýaryn. Beýik Watançylyk urşunda söweşen ata-babalarymyzyň taýsyz edermenligi, tylda zähmet çekenleriň gahrymançylygy häzirki we geljek nesillerimiziň hakydasynda hemişelik galar.
Halklarymyzyň faşizme garşy umumy göreşde taplanan doganlygynyň Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan weteranlara mähirli gutlaglarymy, berk jan saglyk, bagtyýarlyk we uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti jenap
Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! 9-njy maý güni faşistik basybalyjylara garşy egin-egne berip söweşen pederlerini hakydasynda saklaýanlar hem-de olara buýsanýanlar üçin müdimilik mukaddes gün bolup galar. Sowet raýatlarynyň millionlarçasy azatlyk we Watan garaşsyzlygy ugrunda janlaryny gurban etdiler, Ýewropanyň halklaryny faşizm apatyndan halas etdiler.
Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy diňe bir Ýeňiş güni baradaky umumy ýatlamalary hakydamyzda saklamaga ýardam bermän, eýsem, döwletlerimizi geljekde-de islendik howplardan, wehimlerden goramaga mümkinçilik berjekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, tylda zähmet çekenleriň ählisine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!
Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.