Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar

view-icon 2765

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Gadyrly doganym!

Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny 9-njy maý — Ikinji jahan urşunda faşizme garşy gazanylan Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram günlerinde ýowuz uruşda gaýduwsyzlygy hem-de Watana bolan çäksiz söýgini görkezen hormatly weteranlarymyzy hatyralaýarys we olaryň edermenliginiň öňünde hemişe baş egýäris.

Biz geljek nesilleriň parahatçylygy we abadançylygy ugrunda janlaryny gurban eden pederlerimiziň mynasyp nesilleri hökmünde ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagy mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Döwletlerimiziň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine hem-de iki doganlyk halkyň umumy bähbitlerine hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, asylly işleriňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, durnukly ösüş arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Bu mukaddes günde söweş meýdanlarynda gaýduwsyz söweşip we tylda zähmet çekip, biziň hem-de geljek nesilleriň parahatçylygy, asuda asmany üçin janlaryny gurban edip, Ýeňiş gazananlaryň atlaryny buýsanç bilen ýatlaýarys. Beýik Ýeňiş güni halklarymyzyň gahrymançylygynyň hem-de jebisliginiň nyşany hökmünde hemişelik galar.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, bu şanly baýramda merdana uruş weteranlaryna ýeňiş üçin hoşallyk sözlerimi, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa tüýs ýürekden parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!

Hormatlamak bilen,

Nursultan Nazarbaýew,

Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.