Ï Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalaryDöwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

view-icon 7400

“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Gurluşyk we abatlaýyş işleriniň nyrhlary hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 10217-nji Karary bilen tassyklanan, Gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.


***


“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat-gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek boýunça işi ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.


***


“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna goşmaçalar, üýtgetmeler girizildi we olaryň käbiri güýjüni ýitiren diýlip ykrar edildi.