Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 1726

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy hem-de milli jebisligi esaslandyryjy — Milli Lider Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz Täjigistanyň Prezidenti bilen mähirli salamlaşyp, ozaly bilen, öwezini dolup bolmajak agyr ýitgi — käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly bildirilen gynanç we beýan edilen duýgudaşlyk sözleri üçin täjik Liderine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky meselä geçmek bilen, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilýändigine ünsi çekdi. Şunda iki ýurduň döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda syýasy erkiň hem-de özara gyzyklanmanyň hemişe möhüm şert bolup durýandygy bellenildi. Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň barha okgunly we işjeň häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Ýokary derejedäki yzygiderli ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de gatnaşyklar muňa oňyn ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi bermäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigi nygtaldy. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali we Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen geçiren duşuşyklarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Olaryň barşynda taraplaryň iki ýurduň we doganlyk halklaryň arasynda däp bolan gatnaşyklary berkitmegiň möhüm şerti bolan parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygy beýan edildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon iki ýurduň halkara giňişlikde, iri halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň derejesine kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşler okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar baradaky meselä geçip, şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparynyň möhüm ornuny bellediler.

Medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar iki döwletiň has-da ýakynlaşmagynyň, doganlyk halklaryň dostlugynyň, özara düşünişmeginiň berkidilmeginiň wajyp şerti bolup durýar. 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Täjigistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli giňeltmäge gyzyklanmasyny we taýýarlygyny tassyklap, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy hem-de milli jebisligi esaslandyryjy — Milli Lider Emomali Rahmony we Oli Majlisiň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomalini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we Täjigistanyň Prezidenti birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň iň gowy ýörelgelerine daýanmak bilen, ähli ugurlarda giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.