Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şanly 70 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Siziň alyp barýan döredijilikli syýasatyňyz we amala aşyrýan özgertmeleriňiz netijesinde, halkyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar, ýurduň ykdysady kuwwaty berkeýär. Biz doganlyk Gazagystanyň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerine guwanýarys. Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli giňelip, täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Şunuň bilen baglylykda, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmäge Siziň ägirt uly şahsy goşandyňyzy bellemek zerurdyr. Türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň hoşniýetli goňşuçylyk we tüýs ýürekden ynanyşmak ruhunda geljekde-de hemmetaraplaýyn pugtalandyryljakdygyna çuňňur ynanýaryn” diýip, Gahryman Arkadagymyz hatynda belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi şanly ýubileýi bilen ýene-de bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.