Ï «Mukam» skripkaçylar ansamblynyň Garold Neýmarkyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Mukam» skripkaçylar ansamblynyň Garold Neýmarkyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli konserti

view-icon 2494
«Mukam» skripkaçylar ansamblynyň Garold Neýmarkyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli konserti

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmarkyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli onuň ýolbaşçylyk edýän «Mukam» skripkaçylar ansamblynyň konserti geçirildi.

Konsert maksatnamasy ansamblyň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» aýdymy bilen açyldy. Urlup çalynýan gurallaryň partiýasyny Selim Mergenow ýerine ýetirdi.

Şu ýyl «Mukam» skripkaçylar ansambly-da öz ýubileýini belleýär. Ol Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk internat-mekdebiniň skripka öwrenýän okuwçylary üçin Garold Isaakowiç Neýmark tarapyndan 40 ýyl mundan öň açylypdy. Ansambla girmek – oglan-gyzlar üçin uly abraý, sebäbi oňa diňe iň gowy okuwçylar kabul edilýär. Ansamblyň düzümi her ýyl täzelenýär.

«Mukam» skripkaçylar ansamblynyň repertuarynda türkmen we ýewropaly kompozitorlaryň 100-e golaý eseri bar. Şol agşam sazandalar Meret Annamyradowyň «Türkmen tansyny», P.I.Çaýkowskiniň «Walsyny», Aram Haçaturýanyň «Gylyçly tansyny», Aleksandr Glazunowyň «Raýmonda» baletinden bir parçany, Jon Willýamsyň «Şindler sanawyny» we beýleki eserleri ýerine ýetirdiler.

Konserte sazçylyk internatyny dürli ýyllarda tamamlan 30-a golaý uçurym gatnaşdy, olar-da birwagtlar «Mukam» skripkaçylar ansamblynyň sazandalarydy. Olaryň köpüsi soň aýdym mugallymy we tanymal sazanda boldy. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti, aýdymçy Leýli Ökdirowa-da bar. Ol internaty skripkaçylyk boýunça tamamlandan soň, hünär hökmünde wokaly saýlady.

Konsert Ýewgeniý Doganyň «Meniň mylaýym we mähirli haýwanym» filmindäki saz bilen tamamlandy. Ansamblyň sazandalary bu eseriň jadyly sazyny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Ýene-de sahnada – Garold Isaakowiç. Ol zaldaky tomaşaçylara bu ajaýyp agşam üçin minnetdarlyk sözleri bilen ýüzlendi. «Biziň ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi we giň düşünjeli dünýägaraýşy bolmagy üçin, köp iş edilýär» diýip, ol belledi. – Biziň mekdep-internatymyzyň çagalary diňe bir mugt aýdym-saz öwrenmän, eýsem okuwlary üçin hak hem alýarlar. Ene-atalar, çagalaryňyzy biziň mekdebimize beriň, siz bu işe asla ökünmersiňiz.

Öz işiniň ussadyna gülden çemen sowgat bermek üçin, zaldaky tomaşaçylar uly akym bilen sahna çykdylar. «Şol agşam Garold Isaakowiçiň iň köp çemen alan agşamy bolandyr» diýsek, ulaldyp aýtdygymyz bolmasa gerek.