Ï Ýurdumyzyň Konstitusiýa we Döwlet baýdagy gününe bagyşlanan sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň Konstitusiýa we Döwlet baýdagy gününe bagyşlanan sergi

view-icon 4507
Ýurdumyzyň Konstitusiýa we Döwlet baýdagy gününe bagyşlanan sergi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde ýurdumyzyň Konstitusiýa we Döwlet baýdagy gününe bagyşlanyp žiwopis işleriniň sergisi açyldy.

Sergi Täçmyrat Eýämberdýewiň «Ýeňiş şatlygy» atly suraty bilen açylýar, onda gül-gunçaly meýdanda türkmen baýdagyny parladyp barýan bir gyz şekillendirilipdir. Onuň gapdalynda bolsa Tamara Kiselýowanyň häzirki zaman Aşgabadyň keşbini görkezýän «Şäher simfoniýasy» atly suraty goýlupdyr. Bu iki surat Konstitusiýa laýyklykda çalt depginlerde ösýän ýurdumyzyň gazanan üstünliklerinden söhbet açýar.

Babageldi Owganowyň «Bäsleşik», Sähra Işangulyýewanyň «Tebigata çykylan dynç alyş», Aýjahan Babatäjewanyň «Aýallar we gyzlar» suratlary Türkmenistanyň halkynyň durmuşy, baýram-daýaralary belleýiş ýörelgeleri barada gürrüň berýär. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halky baýramçylyklary uludan belläpdir, olary dartgynly at çapyşykly göz öňüne-de getirmek kyn. Babageldi Owganow bäsleşige gyzan obadaşlaryny şekillendiripdir. Surat janköýerler, çapyksuwarlar we howada gaýyp ýören telepekler ýaly üç bölege bölünýär. Oba adamlary şeýdip baýram edýärler, şäher ilaty dynç günleri tebigata çykyp dynç alýar.

Sähra Işangulyýewanyň we Aýjahan Babatäjewanyň çeken suratlarynyň şol bir tema - meýdandaky dynç alyşa bagyşlanandygyny, özem Çulinka çeşmesiniň şekillendirilendigini aýtmak gerek. Tämiz howa, çeşme suwunyň şirrildisi, ýaňja demlenen gök çaý we ýakyn adamlaryň - mundan beter gowy zat bormy?!.

Abdylla Mämmetberdiýewiň zümerret öwüşginli «Tebigat» atly ajaýyp manzary Watan topragynyň gözelligi barada gürrüň berýär.

Ylýas Gurbanowyň «Watan buýsanjy» suratynda türkmenleriň ahal-teke bedewleri bilen jebis baglanyşygy hakda aýdylýar.

Rejepberdi Muhammedowyň «Hezzet» suratynda mähirdir kinaýa duýulýar, onda oglanjyk atlary alma bilen naharlaýar, ol alma aljak bolup boýnuny süýndirmeýän iň buýsançly atdan welin almasyny arkasynda gizläpdir. Çagalaryň ahal-teke bedewlerine mähir-muhabbeti hemişe mähirdir wepadarlyk duýgusyny döredýär.

Konstitusiýa gününe bagyşlanan işleriň sergisi pederler topragynda asuda we döredijilikli ýaşaýan türkmen halkynyň durmuşynyň dürli ugurlaryndan söhbetdir.