Ï Retro aýdym saz-konserti taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Retro aýdym saz-konserti taýýarlanylýar

view-icon 4617
Retro aýdym saz-konserti taýýarlanylýar

26-njy maýda sagat 18:30-da Konserwatoriýanyň uly zalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi wokal bölümini uçurymlarynyň konserti geçiriler.

Konsert maksatnamasyna «Şaganaň gijesi» «Dört ýürek» «Wepaly dostlar» «Sannikowyň ülkesi » kinofilmleriň şeýle hem türkmen kompozitorlarynyň aýdymlary girizildi.

Konsertde gatnaşýarlar Ýelena Oreşkina, Töre Şabasanow, Nina Ýaransewa, Aleksandr Ýerhan we Hasar Atamyradow.

Olaryň hemmesi aýdym-saz mekdebini dürli ýyllarda tamamladylar we her ýyl retro aýdym-saz muşdaklarynyň öňünde konsert bilen çykyş etmek däbe öwrüldi.

Ýaş diňleýjiler üçin Nikolaý Baskowyň repertuaryndan aýdymlar ýerine ýetiriler.