Ï Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täze ekspozisiýa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täze ekspozisiýa

view-icon 2757
Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täze ekspozisiýa

Žanr, görnüş we usul (stil) taýdan tapawutlanýan şekillendiriş eserleri we heýkeller Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň täze sergisiniň esasyny düzmek bilen, bu ýere gelýänleriň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Olaryň hemmesi «Türkmenistan – meniň ylhamym» diýen umumy mowzuk astynda birleşmek bilen, halkymyzyň taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna we häzirki durmuşyna bagyşlandy. Sebitiň tanymal ussatlary, Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň agzalary we täze başlaýan suratkeşler öz eserlerini tomaşaçylaryň garamagyna hödürlediler.

Suratkeşler G.Töräýew, A.Galandarow, M.Moşşyýew, R.Abdyllaýew, M.Kakabaýew, O.Mätdurdyýew we beýlekiler tarapyndan döredilen portretler, peýzažlar, natýurmortlar ýordum gurluşy, daş-töweregindäki dünýäniň reňklerini, tebigatymyzyň ajaýyp gözelligini, milli däp-dessurlaryň özboluşlylygyny «janlandyrmaga» we awtorlaryň Watanyna bolan söýgüsini görkezmäge mümkinçilik berýän baý reňk utgaşmalary, ýagtylykdyr kölege oýny bilen adamlaryň ünsüni özüne çekýär.

Ýerli suratkeşleriň eserleriniň sergisi olaryň barha artýan ussatlygyny, şol sanda stanokda surat çekmek ussatlygyny-da ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Şekillendiriş plastik sungat, ugurlary boýunça tapawutlanýan sebitdäki meşhur heýkeltaraşlaryň eserleri arkaly görkezilipdir. Mysal üçin, Türkmenistanyň Suratkeşler Bileleşiginiň agzasy Baýgeldi Annamedowyň portret stilinde ýerine ýetirilen «Magtymguly» heýkeli, ussadyň beýik akyldar şahyryň duýgularyny we häsiýetini inçelik bilen beýan edişi bilen geň galdyrýar. Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Sapa Akbaýewiň işiniň täsirliligi, dinamikligi we plastikligi haýrana goýýar.

– Biz Türkmenistanyň Suratkeşler Bileleşiginiň welaýat bölümi bilen aragatnaşykda işlemäge çalyşýarys, – diýip, muzeýiň ylmy işgäri, sungat öwreniji Batyr Uzakberdiýew aýdýar. Biziň sergilerimiz ýerli suratkeşlere we heýkeltaraşlara yzygiderli döredijilik gözleginde bolmaga, daşky gurşawy baradaky pikirlerini sergä gelýänlere aç-açan ýetirmäge, estetiki birkemsizligi özünde jemlemäge, ahlak duýgularyny we sungata hormat döretmäge ýardam edýär. Halkymyzyň taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýän, ruhy gymmatlyklary hakynda gürrüň berýän ekspozisiýalaryň welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda aýratyn halanýandygyny bellemelidiris.