Ï Selim Gurbansähedowyň ýekelikdäki konserti geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Selim Gurbansähedowyň ýekelikdäki konserti geçirildi

view-icon 1426
Selim Gurbansähedowyň ýekelikdäki konserti geçirildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Selim Gurbansähedowyň ýekelikdäki konserti geçirildi. Selim oňa «Kalp üçin» diýip at dakdy we tomaşaçylara bu adyň manysyny şeýle düşündirdi: ol kalpdan kalp üçin aýdym aýdýar we tomaşaçylar onuň aýdymlaryny tüýs ýürekden kabul eder diýip, umyt edýär.

Bu, ýakymly mahmal bariton sesi bilen diňleýjilere özüni tanadan Selimiň şu ýyldaky ikinji solo konsertidir. Onsoňam, ol estrada eserlerini stilistika taýdan takyk beýan etmek ukybyna-da eýe.

Birinji we ikinji konsertdäki aýdymlaryň repertuary gaty üýtgeşik. Birinji konsertde onuň öz döreden «Ýapyk» aýdymynyň, ikinji konsertde bolsa onuň «Güýz» aýdymynyň premýerasynyň ýaňlanandygy bellemäge mynasypdyr.

Selim – Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň üçünji ýyl talyby. Ondan öň bolsa 3-nji aýdym-saz mekdebiniň gitara bölümini tamamlapdyr. Mugallymy Rewa Grigoryants bilen goşmaça wokal öwrenipdir.

Selim ilkinji gezek 10 ýaşly çagaka, 2012-nji ýylda Röwşen Nepesowyň konsertinde sahna çykdy we «Elektronikanyň başdan geçirenleri» filminiň aýdymyny uly üstünlik bilen ýerine ýetirdi. Şol pursatdan başlap, ol sahnany duýup, oňa aşyk boldy.

5 ýyldan soň, heniz mekdep okuwçysyka, dostlary bilen «Red Band» aýdym-saz toparyny döretdi. Dostlar henizem bile – bular Selim bilen çykyş edýän Aýmämmet Guseýhanow (saksafon), Kakajan Nazarow (deprekçi), Arslan Ýagşynazarow (klawiatura) dagydyr.

Konsertiň alyp baryjysy we pianinoçy hökmünde Röwşen Nepesowyň çykyş edendigi bellärliklidir. Ol tomaşaçylar üçin özüniň «Elegiýa» eserini ýerine ýetirdi. Kompozitor tomaşaçylara bu eseriň ýordumyny gürrüň berdi welin, saz ajaýyp duýgy reňkleri bilen parlady.

Diňleýjiler «Kalp üçin» konsertini gyzgyn garşy aldylar, söýgüli aýdymlarynyň tanyş sözlerini gaýtalamak bilen we bilelikde el çarpmak arkaly Selim Gurbansähedowyň we sazandalaryň çykyşlaryny goldadylar.