Ï Gadymy Şährylamda dikeldiş işleri tamamlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadymy Şährylamda dikeldiş işleri tamamlanyldy

view-icon 3190
Gadymy Şährylamda dikeldiş işleri tamamlanyldy

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän Şähryslam taryhy ýadygärliginiň çäginde Medeni mirasy goramak boýunça ilçiler gaznasynyň (AFCP) 27-nji taslamasynyň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler bireleşmesi bilen bilelikde ýardam bermeginde XI asyryň gadymy gidrotehniki desgalaryny gorap saklamak boýunça abatlaýyş-dikeldiş işlerininiň birnäçesini geçirdi.

Döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän bu Taslamanyň möhletinden öň üstünlikli tamamlanandygy bellemek gerek.

Taryh we arhologiýa institutynyň hünärmenleri sardobalaryň gumuny aýyrdylar, suw akabaryny dikeltdiler, sardobalaryň diwarlaryny we gümmezlerini berkitdiler, onuň daşyndaky kerwensaraýyň gala diwarlaryny dikeltdiler.

Orta asyrlaryň ýazuw çeşmelerinden Täk Ýazyr galasy hökmünde mälim bolan taryhy ýadygärlik IX asyrda Horezm-Horasan söwda ýolunyň ugrunda gurlan möhüm şäherleriň biri bolupdyr.

Şähryslam Beýik Ýüpek ýolundaky söwda we senetçilik merkezi bolan wajyp gonalga bolupdyr. Şäher öz ösüşiniň iň ýokary derejesinde 100 gektar meýdany tutupdyr. Mundan başga-da, Şähryslamda yssy howa şertlerinde zerur bolan suw geçirijiler ulgamy bolupdyr.

Suw şäherden 20 km uzaklykda Köpetdagdaky tebigy çeşmelerden ýörite ulgamlardan suwaryş ötükleri we beýleki kerpiç kanallary arkaly şähere gelipdir. Gazuw-agtaryş işleri wagty ýerasty sardob we onuň gapdalynda suw saklamak üçin äpet gap tapyldy. Sardob gaba keramiki turbalar bilen birikdirilipdir.

Sardobdan, suw saklamaga niýetlenen äpet gapdan we kerwensaraýyň daşyny gurşap alýan suw geçirijilerinden ybarat gidrotehniki desgalar toplumy syýahatçylaryň dynç almagy hem-de ilaty suw bilen üpjün etmek üçin niýetlenipdir.

Şähryslamdan arhitektura desgalarynyň we arheologiki tapyndylaryň galyndylary häzirem tapylýar, olar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherleriň binagärligini, ykdysadyýetini we medeniýetini öwrenmek üçin bahasyna ýetip bolmajak maglumat çeşmesidir.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu S. Klimou ýapylyş dabarasynda çykyş edip:

– Şähryslamyň, Türkmenistanyň baý medeni mirasyny görkezýän beýleki 29 taslama ýaly, amerikaly we türkmen alymlaryny, AFCP tasalamasyny arkaly beýleki guramalary we medeni maksatnamalary hyzmatdaşlyga ruhlandyrjakdygyna doly ynanýarys – diýdi.