Ï Türkmenistanyň DIM-nde “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi

view-icon 2650
Türkmenistanyň DIM-nde “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi

2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-i habar berýär.

Wekilçilikli forumyň işine Ýewropa Bileleşiginiň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili gatnaşdylar. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy R.Otunbaýewa, Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi, Türkmenistanyň Hyrat we Mazary-Şerif şäherlerindäki baş konsullary, şeýle hem wideoulgam arkaly Bütündünýä Bankynyň Owganystandaky we Gazagystandaky şahamçalarynyň müdirleri gantaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygynyň we ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady meseleler boýunça özara pikir alyşmalar geçirildi.

Bellenilişi ýaly, şu formatda ýörite wekilleriň duşuşyklary yzygider tertipde geçirilýär we olar Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatynda çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Bu duşuşyk Owganystandaky wakalar we ykdysady ýagdaý barada maglumat alyşmaga, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Taraplar Owganystanyň durnukly, parahat we ösýän ýurda öwrülmegine berk ygrarlylyk bildirdiler hem-de Owganystanyň halkyna kömek bermekde halkara bileleşiginiň tagallalaryny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda Owganystanyň ykdysady durnuklylygynyň hem-de dikeldilmeginiň geljegi barada pikir alyşyldy, Owganystanda ykdysady iş, maliýe-bank pudagy hem-de durmuş-ykdysady ulgamyň dikeldilmegi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň wajyp bolup durýandygy nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” görnüşiň çäklerinde dialogyň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtamak bilen, Owganystandaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin giň halkara bileleşiginiň – dünýä ýurtlarynyň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle hem abraýly halkara düzümleriň tagallalarynyň birleşmeginiň möhümdigi barada umumy pikiri beýan etdiler.

Şeýle-de Owganystanyň dikeldilmegi hem-de bu ýurduň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulmagy bilen bagly umumy taslamalary amala aşyrmakda ýakyn özara hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.