Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

view-icon 4309

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljek nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem öz beýanyny tapýar. Biz dünýä meşhur halylary dokaýan halyçylarymyzyň çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini, nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň halyçysy Annanabat Amanowna Durdyýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oraztäç Amangeldiýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden etrap çeper halyçylyk kärhanasynyň haly önümhanasynyň halyçysy Gülbahar Myratgeldiýewna Baýramowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhanasynyň halyçysy Bossan Nurnepesowna Nyýazmyradowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň «Ajyýap» bölüminiň halyçysy Hajarbibi Ýakubowna Taýlyýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Akdepe haly önümhanasynyň halyçysy Gulnora Abdullaýewna Reýimbaýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Maýsagül Gurbangeldiýewna Pirgulyýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Bahargül Sapargeldiýewna Annaýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 1-nji önümhanasynyň halyçysy Aknabat Algulyýewna Basarowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Gülälek Gurbangeldiýewna Welläýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Sakarçäge haly önümhanasynyň halyçysy Jahangözel Orazgeldiýewa.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.