Ï Türkmenistanda Polşa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Polşa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

view-icon 3388

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rafal Poborskiden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde ösdürilýän iki ýurduň dostlukly, netijeli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň ilçisi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Polşa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny hem-de giň möçberli özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna aýdan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem ilçi Rafal Poborski Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny esasy ugur edinýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň baş maksadynyň halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümleri we onuň dürli ugurlardaky özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirýän işleri bilen tanyşdyryldy. Parlamentara gatnaşyklary, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rafal Poborski öz ýurdunyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giň ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalary barada aýdyp, iki ýurduň ösüşiniň bähbidine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Polşa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we yzygiderli ösdürmek maksady bilen, jenap Rafal Poborskini Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Rafal Poborskiniň ýokary şahsy häsiýetleri bilen özüne ynanylan wezipäni doly ýerine ýetirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynanýaryn.

Şunuň bilen baglylykda Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Polşa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Hökümetiniň adyndan beýan etjeklerine, esasan-da, meniň Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Anjeý Duda,

Polşa Respublikasynyň Prezidenti.