Ï «Oguz rowaýaty» sahna oýny Türki dünýäniň talyplar teatrlarynyň I halkara festiwalyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Oguz rowaýaty» sahna oýny Türki dünýäniň talyplar teatrlarynyň I halkara festiwalyna gatnaşdy

view-icon 3278
«Oguz rowaýaty» sahna oýny Türki dünýäniň talyplar teatrlarynyň I halkara festiwalyna gatnaşdy

Özbegistanyň paýtagtynda ilkinji gezek Türki dünýäniň talyplar teatrlarynyň I halkara festiwaly geçirildi. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýardamy bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan guralan bu taslama Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny bir ýere jemledi.

Festiwalda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary ýazyjy Juma Hudaýgulyýewiň «Şöhleli hatyn» atly eseri esasynda goýlan «Oguz rowaýaty» spektakly bilen çykyş etdiler. Bu sahna oýny režissýorlygyň esaslaryny öwrenýän teatr sungaty fakultetiniň talyby Taňryberdi Ataýewiň diplom işidir.

Ýordumyň esasyny atalaryň we perzentleriň gatnaşyklary düzýär. Eseriň gahrymanlarynyň keşplerini özlerinde synap gören talyplar daşary ýurtly hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldular.

Ýerine ýetirilişiň täsirliligi we şowly görkezilen keşp üçin Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ybraýym Durdyýew «Ikinji plandaky iň gowy erkek roly» baýragyna mynasyp boldy.

– Bu halkara festiwala gatnaşandygymyza diýseň begenýäris, – diýip, Ybraýym Durdyýew aýdýar. – Bu biziň üçin, ýagny sungat ýoluna ýaňy gadam basan artistler üçin daşary ýurt sahnasynda çykyş etmegiň ilkinji tejribesidir. Biz beýleki ýurtlardan gelen deň-duşlarymyzyň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdik. Işimiziň eminler tarapyndan bellenmegini arzuwladyk. Ine, arzuwymyz hasyl boldy. Ýokary okuw mekdebimiziň ähli mugallymlaryna, esasan-da sahnada ilkinji ädim ätmegi öwreden Maral Durdyýewa sag bolsun aýdýarys.

Teatr çykyşlaryny görkezmekden başga-da, talyplar üçin bilim ussahanasy geçirildi. Geljekki artistler aktýorlyk derslerine, çekişmelere we aktýorlyk hem režissýorlyk ussatlygy boýunça okuw gollanmalarynyň tanyşdyrylyş çärelerine gatnaşdylar. Döredijilik okuw mekdepleriniň rektorlary bilim öwretmegiň ýollary we özara alyş-çalyş maksatnamalary barada-da pikir alyşdylar.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň belleýşi ýaly, festiwalyň esasy maksatlarynyň arasynda geljekki teatr sungaty işgärleri üçin goldaw, höweslendirme we mümkinçilik döretmek ýaly niýetler-de bar. Geljekde şunuň ýaly festiwaly her ýyl geçirmek meýilleşdirilýär.