Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

view-icon 2654
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝHHG-niň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, oňyn syýasaty alyp barýan hem-de sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna guramanyň ýokary gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu sapara Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjek möhüm tapgyr hökmünde baha berýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ÝHHG-niň ýolbaşçysynyň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasy ähmiýetli çäreleri, hususan-da, duşuşyklary hem-de guramanyň Aşgabatdaky täze binasynyň açylyş dabarasyny özünde jemleýär.

Gahryman Arkadagymyz bu waka bilen gutlap, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň öz daşary syýasatyny yzygiderli we üstünlikli amala aşyrýandygyny nygtady. Biz daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara guramalar bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Guramanyň çäklerinde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, adamlaryň durmuşynyň ykdysady, durmuş şertlerini gowulandyrmagyň möhümdigini tassyklap, türkmen halkynyň Milli Lideri meseleleriň giň toplumy boýunça syýasy gatnaşyklary alyp barmak üçin netijeli meýdança hökmünde ÝHHG-niň eýeleýän ornuny belledi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň maksatnamalaýyn esasda ösdürilýändigi nygtaldy. Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlyk olaryň üstüni ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy tarapyndan “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahatyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, sebitiň howpsuzlyk meseleleri hyzmatdaşlygyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝHHG bilen mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygy beýan edildi. Aýry-aýry ugurlar, şol sanda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag kuwwatyny artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny meýilleşdirmek boýunça anyk çäreleriň zerurdygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalarynyň gowşurylmagynyň ekologiýa ulgamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň işiniň netijelidiginiň ýene-de bir subutnamasyna öwrülendigini belledi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda akymlaryny işjeňleşdirmekde döwrebap hyzmatlary bilen mümkinçilikleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Bu innowasion port söwda gatnaşyklarynda Aziýa yklymyndan Ýewropa göni çykalga bolmak bilen, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen möhüm desgadyr. Türkmenistan ýükleri üstaşyr geçirmekde halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Köpetdagyň eteginiň gözel künjekleriniň birinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäheri barada aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, sebitiň «akylly» şäheri oňaýly ýaşamak we zähmet çekmek üçin hemme döwrebap amatlyklara eýedir, iň esasysy bolsa, bu şäher ekologik talaplara doly laýyk gelýär hem-de daşky gurşaw bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bu künjegiň arassa dag howasy, ynsan ruhuny göteriji özboluşly ýakymy, umuman, ýaşamak we zähmet çekmek üçin bu ýeriň saýlanyp alynmagy ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulandygyny görkezýär. Bellenilişi ýaly, hut şu ýerde türkmen halkynyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri kemala geldi diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarda adam hukuklaryny goramak, demokratiýany ösdürmek, gender deňligini pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýändigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde we dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek maksadynda ÝHHG bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, hanym Helga Şmide berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid ÝHHG bilen hyzmatdaşlyk meselelerine üns berilýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip hem-de Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, öz tarapyndan ynanyşmaga esaslanan köpýyllyk hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge doly ýardam berjekdigine ynandyrdy.