Ï Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döredildi

view-icon 5506

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň, esasan-da, metan zyňyndy gazlarynyň möçberini yzygiderli azaltmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi. Şeýle hem pudagara toparyň düzümi we bu topar hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.