Ï Çehowyň eseri ýene Mollanepes adyndaky talyp teatrynyň sahnasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çehowyň eseri ýene Mollanepes adyndaky talyp teatrynyň sahnasynda

view-icon 1941
Çehowyň eseri ýene Mollanepes adyndaky talyp teatrynyň sahnasynda

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary diplom işi sahna oýunlaryny tabşyrýarlar. Ýaş režissýorlar we aktýorlar üçin döredijilik işlerindäki iň gowy synag Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň ilkinji sahnasydyr.

Ýakynda görkezilen sahna eserleriniň arasynda dünýä edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Anton Pawlowiç Çehowyň «Aýy» («Медведь») atly degişmeli sahna oýny-da bar.

Bäşinji ýyl talyby Atajan Bekiýew bu oýny «Çoça» diýip atlandyrypdyr we goýmaga öz çeper ýolbaşçysy hem-de mugallymy Çaryýar Seýidowyň ýolbaşçylygynda girişipdir. Ýeri gelende aýtsak, bu ýigit özüni diňe bir režissýor hökmünde görkezmek bilen çäklenmän, eýsem aktýor hökmünde baş keşbi-de ýerine ýetirdi. Onuň oýnan mülkdary Grigoriý Smirnowyň keşbi täsirli we özüne çekiji bolup çykdy.

Dul galan mülkdar aýal Ýelena Popowanyň (keşbi ýerine ýetiren 5-nji ýyl talyby Ogulşat Jumaýewa) öýüne algysyny talap edip gelende, gazaply Smirnow puluny yzyna alýança, bu öýden gitmezlik kararyna gelýär. Smirnowy ne mülkdar aýal kowup bilýär, ne-de onuň gojalan gullukçysy Luka (keşbi ýerine ýetiren 4-nji ýyl talyby Bagtyar Dollyýew). Smirnow dul aýalyň myhman otagynda bihaýalyk bilen gezmeleýär, diwanda gyşaryp, dynç alýar, birdenem, sen-men ýok, gitarany garbap alýar-da, sesiniň ýetdiginden aýdyma zowladýar: «Eý, aýaz, aýaz, doňdurma meni! Ne meni doňdur, ne-de atymy».

Myhmanyň bihaýalygy mülkdar aýalyň degnasyna degýär. Netijede, dawa iki esse güýjeýär.

Çehowyň bu eseriniň ýazylan gününden başlap meşhurlyga eýe bolandygyny bellemelidiris.

Taryhdan bilşimize görä, bir gezek, 1888-nji ýylyň fewralynda dramaturg öýüne myhmanlary çagyrypdyr. Myhmanlar jemlenende, ol stoldan ýukajyk bir depder alyp, otagyň ortasynda duran ýerinde, ellerini hereketlendirip, sesini dürli-dürli üýtgedip, bu şadyýan oýny oturanlara bir demde okap beripdir. Tizara bu eseri Russiýanyň dürli teatrlarynda sahnalaşdyrylyp başlapdyrlar. Hatda imperator Nikolaý II hem öz maşgala teatrynda maşgala agzalarynyň arasynda onuň baş keşbini oýnapdyr.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uçurymlary-da oýnuň ýiti häsiýetli keşplerini özlerinde synap görmek bilen, hiç könelmeýän bu eseri ýurdumyzyň tanymal režissýorlaryndan we medeniýet işgärlerinden ybarat eminleriň garamagyna hödürlediler. Sahna oýnunyň şowly sahnalary tomaşaçylary heýjana saldy.

Oýnuň iň belent nokady taraplaryň özara barlyşygy boldy. Söýgi dabaralandy. Şowhunly el çarpyşmalardan çen tutsaň, talyp teatr eseri ikelläp kabul edildi.