Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 2002
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişilip, orakda ulanylýan kombaýnlar, awtoulaglar bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk guralýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, ýetişen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatda Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda möhüm möwsümiň başlanandygyna ünsi çekdi we welaýatda bugdaý oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, gowaça ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň depgininiň güýçlendirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, galla oragyny guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, möwsümde ulanyljak kombaýnlar, bugdaý daşajak awtoulaglar, galla kabul ediş bölümleri taýýar edildi. Döwlet Baştutanymyzyň ilaty ýurdumyzda öndürilen gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim welaýatda Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli alnyp barylmagy, bu işleriň depgininiň ýokarlandyrylmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişilmegini, bu jogapkärli möwsümde ähli düzümleriň bökdençsiz we sazlaşykly işledilmegini häkime tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belläp, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşlere garşy göreşmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, galla oragyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, möwsümde ulanyljak kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş bölümlerini doly taýýar etmek boýunça ähli zerur çäreler alnyp barylýar.

Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny almak maksady bilen, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Welaýatda şaly ekişi tamamlanyp, häzirki wagtda bu ekine ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Ylymlar güni mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan dürli çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hem-de ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, bu işleriň depgininiň güýçlendirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz welaýatda galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde girişilmegi we orak möwsüminde ähli düzümleriň sazlaşykly işledilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak we zyýankeşlere garşy göreşmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişilip, möwsümde kombaýnlar, awtoulaglar bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk guralýar, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Şeýle-de ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek maksady bilen, welaýatyň bu ýazlyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şaly ekişine doly taýýarlyk görüldi. Mundan başga-da, häkim welaýatda Ylymlar güni mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde hem-de talabalaýyk ýerine ýetirilmegi, onuň depgininiň ýokarlandyrylmagy, galla oragynyň bökdençsiz alnyp barylmagy, şaly ekişine guramaçylykly girişilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, şu ýylyň 2-nji iýunynda welaýatda galla oragyna girişilip, bu ugurdaky işler möwsümleýin düzülen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Şunda däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar doly güýjünde işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk guralýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, haşal otlardan arassalamak, zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek, olaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de ilatymyzy bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatyň meýdanlarynda bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Ylymlar güni mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly we bökdençsiz geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, bu işleriň depgininiň güýçlendirilmegi, bugdaý oragynda ähli düzümleriň sazlaşykly işledilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş maksatly binalardaky, inženerçilik desgalaryndaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli we möhüm möwsümiň — galla oragynyň başlanandygyny we onuň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de bugdaý oragynda ähli düzümleriň bökdençsiz işledilmegi, gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň depgininiň güýçlendirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkimlere tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz ekologik abadançylygyň üpjün edilmeginiň, tebigaty goramagyň we oňa aýawly garamagyň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadygyny belläp, iş maslahatyna gatnaşyjylary ýetip gelen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.